DÜNÝÄ

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ekologiýa ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etdi diýip, Gazagystanyň “Kazinform” agentligi habar berýär.

Hususan-da, ol ýurtlaryň biologik dürlüligini gorap saklamak üçin Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny bilelikde taýýarlamagy teklip etdi.

— Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Daşkentdäki Sebitleýin edarasy bu işiň utgaşdyryjysy bolup biler. Sebitiň Gyzyl kitaby diňe bir ýitip barýan görnüşleriň sanawy däl-de, eýsem bu ugurdaky bilelikdäki işimiz üçin täsirli platforma bolmalydyr — diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti “Ýaşyl uniwersitetiň” ýanyndaky Çölleşmä garşy göreşmek, gurakçylygyň öňüni almak we çäge-tozan tupanlary barada wagtyndan öň duýdurmak merkezine sebitleýin dereje bermegi teklip etdi.

Sebitde tehnologik geçişi çaltlandyrmak üçin Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň “ýaşyl söwda geçelgesini” kemala getirmek başlangyjyny öňe sürdi.

— Ýeňillikli gümrük düzgünleriniň girizilmegi we harytlaryň güwänamalarynyň özara ykrar edilmegi önümçiligi has çalt dörebaplaşdyrmaga hem-de önümlerimizi bäsleşige ukyply etmäge mümkinçilik berer — diýip, ol nygtady.

Mundan başga-da, Döwlet baştutany Merkezi Aziýanyň howa taslamalarynyň maýa goýum mümkinçiligini döretmegi, şeýle hem sebit ýurtlaryndaky ekologiýa amallaryna bitewi formatda gözegçilik etmäge mümkinçilik berjek daşky gurşawyň üýtgemeginiň ýeke-täk sebitleýin atlasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Related posts

Aktau şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre gurnaldy

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Türkmenistan’da Diplomatlar Günü kutlandı

Dr.Döwran Orazgylyjov