DÜNÝÄ

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Bütindünýä banky Merkezi Aziýadaky taslamalara eýýäm 1 milliard dollar maýa goýdy we ýene-de 300 million dollar goýmaga taýýar. Bu barada Bütindünýä banky toparynyň daşky gurşaw boýunça direktory Waleri Hikki Astanada geçirilen ekologiýa sammitinde eden çykyşynda belledi.

Onuň bellemegine görä, şu günki günde Merkezi Aziýa diňe bir yglan edilen howa borçnamalary boýunça däl, eýsem olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça-da dünýä liderleriniň biri hökmünde çykyş edýär.

— Merkezi Aziýa energetika, suw we tebigata goýulýan maýa goýumlarynyň mümkinçilikler gün tertibidigini görkezip, öňe barýar we ýol görkezýär. Sebitdäki ýurtlaryň diňe bir meseleleri ara alyp maslahatlaşman, eýsem olary çözmegiň we anyk çäreleri durmuşa geçirmegiň ýollaryna düşünýändigini görýäris. Merkezi Aziýa ýaşap boljak planetany gurmak mümkinçiliklerinden peýdalanýan döwletleriň koalisiýasyna öwrüldi — diýip, ol belledi.

— Biz Merkezi Aziýadaky taslamalarymyza 1 milliard dollar maýa goýduk. Şeýle-de, täze goşulan baha zynjyrlaryny döretmäge, ýerleriň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we biologik görnüşleri goramaga mümkinçilik berjek ýene 300 million dollar maýa goýmaga örän şatdyrys — diýip, direktor aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary