DÜNÝÄ

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslan «Turkmentravel-2026» halkara forumynyň çäginde çykyş edip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini aýratyn belledi.

Ol iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berk medeni baglanyşyklara hem*de umumy taryha  esaslanýandygyny belledi.

Nadir Alparslan öz çykyşynda syýahatçylygy «ýumşak güýjüň» esasy şerti we halklaryň biri-birini has ýakyndan tanamagyna mümkinçilik berýän diplomatiýa köprüsi hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Türkiýäniň şu günki günde dünýäde iň köp syýahatçy kabul edýän ýurtlaryň arasynda dördünji orny eýeläp, bu pudakda dünýä liderleriniň biridigini nygtady. Geçen ýyl ýurduň syýahatçylykdan alan girdejisiniň 65 milliard dollardan geçendigini nazarda tutup, türk tarapy toplanan tejribesini, tehnologiýalaryny we infrastruktura strategiýalaryny doganlyk türkı dünýäsi bilen paýlaşmaga doly taýýardygyny bildirdi.

Ministriň orunbasary öz çykyşynda Türki Döwletleriniň Guramasynyň çägindäki bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berdi. Ministriň orunbasary döwrebap Ýüpek ýolunyň ugurlaryny dikeltmek we medeni syýahatçylygyň integrirlenen ugurlaryny döretmek boýunça strategik ylmy-barlaglaryň başlanandygyny yglan etdi. Merwden Konýa, Aşgabatdan Stambula çenli bolan aralygy öz içine alýan bu ulgam, tutuş sebitiň ösüşi üçin güýçli itergi berip biljek bahasyna ýetip bolmajak miras hökmünde garalýar.

Ýene-de okaň

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar

Türki siwilizasiýasynyň merkeziniň düýbi tutuldy

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi