PEÝDALY MASLAHAT

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinden başlap, Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça täze şäherara awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygyny habar berýär. Gatnawlar täze açylan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly arkaly amala aşyrylar.

Awtobuslar hepdäniň her güni yzygiderli gatnap, Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolundaky «Awtokombinat» nokadyndan we Türkmenabat şäheriniň halkara awtomenzilinden sagat 08:00-da ugraýarlar. Bu täze ugruň açylmagy ýolagçylaryň barmaly ýerlerine tiz we amatly ýetmeklerine şert döreder.

Ýolagçylar biletleri «Awtokombinat» nokadyndan, Aşgabat wokzalynyň we halkara awtomenziliň kassalaryndan satyn alyp bilerler. Şeýle-de sanly ulgam arkaly petekleri onlaýn görnüşinde bilet maksatnamasyndan hem almak mümkindir.

Goşmaça maglumat almak we soraglar üçin raýatlar +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20 telefon belgilerine jaň edip bilerler.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Nowruz ýaýlasyna awtobus gatnawlary guralar