DÜNÝÄ

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda guralan eko-syýahatyň dowamy hökmünde, Aşgabatda ýaşlar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) we Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
“Bouygues Turkmen” kompaniýasynyň edarasynda geçirilen bu okuw maslahaty ýaşlaryň ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky bilimlerini artdyrmagy maksat edindi. Bu barada “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda tebigatchy.co.tm habar berilýär.
Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar “Climate Fresk” usulyýeti arkaly howanyň üýtgemeginiň sebäplerini we netijelerini giňişleýin öwrendiler. “Bouygues Turkmen” kompaniýasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu okuw her bir gatnaşyjynyň öz alan bilimini beýleki ýaşlara ýetirip bilýän tebigatçy bolup ýetişmegine mümkinçilik berýär.
Maslahatda ýurdumyzyň döwlet goraghanalaryna we biodürlüligiň goragyna aýratyn orun berildi. Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyndaky tejribelere esaslanyp, iýmit zynjyryndaky her bir görnüşiň tebigat üçin ähmiýeti we bir görnüşiň ýitip gitmeginiň tutuş ekoulgama ýetirip biljek zyýany seljerildi. Şeýle hem, innowasion tehnologiýalary howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde netijeli ulanmagyň ýollary barada gyzykly çekişmeler boldy.
Lebapda başlap, paýtagtymyzda dowam eden bu çäre Bütindünýä Ýer gününe bagyşlanan ekologik başlangyçlaryň birine öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary