DÜNÝÄ

Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

RF-niň Hökümetiniň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda orta we ýokary bilim hem-de medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylary bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini seredip geçdiler – diýlip, metbugat beýanatda bellenilip geçilýär.

 

Related posts

Rim Papasyndan taryhy sapar

Türkmenistanyň Prezidenti täze bellenen ilçileri kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe hem Aýa barýar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment