JEMGYÝET

Arkadag şäheri

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Arkadag şäheri 

Aklygy halkymyň kalbyna kybap,

Howalasy — Köpetdagyň nusgasy.

Synlamagam sogap, söýmegem sogap,

Arkadagym — bu Binýadyň Ussasy.

 

Dünýäň düri, Aziýanyň merjeni,

Ýaň saldy owazy yklymlar aşa.

Ähli ýagşy pälleň jemlenen jemi,

Goýnunda iň tämiz niýetler ýaşap,

Ady asyrlara ýaň salar durar,

Geljege bir uly görelde bolup.

Jan aýamadyga jan salar durar,

Her gelýän nesile ýörelge bolup.

 

Çünki ol uçursyz yhlasdan dörän,

Gözel Kalbyň aýdym bolan gazaly.

Türkmen aga oňa buýsanýar örän.

Neneň buýsanmajak?!

Sebäp ol gazal

Milli Lider Arkadagyň ýazany!

Sapa Hommadow 

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebinde mugallym

 

Related posts

Plastmassa önümçiligini azaltmak zerurlygy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy

Leave a Comment