DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň täze patyşasy yglan ediler

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II aradan çykandan soňra onuň ogly Uels şazadasy Çarlz Birleşen Patyşalygyň täze patyşasy boldy. Ol özüne Karl III diýip at berdi.

Patyşa Karl III Beýik Britaniýanyň täze patyşasy hökmünde ertir resmi taýdan yglan ediler. Çarlz noýabr aýynda 74 ýaşaýar we ol hem britan täjiniň iň garry mirasdüşerleriniň biridir. Uels şazadasy 3 ýaşyndaka oňa mirasdüşerlik derejesi berildi. Ol 2011-nji ýylda 60 ýyldan gowrak täje garaşan mirasdüşer boldy.

Beýik Britaniýanyň täze patyşasyny ýörite geňeş kesgitleýär. Onuň düzümine Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrli Liz Trass, maliýe ministri, daşary işle rministri, içeri işler ministri, patyşa maşgalasynyň agzalaryndan ybarat bolan maslahat beriş organynyň wekilleri, Londonyň lord-meri, ýokary komissarlar girýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar