DÜNÝÄ

Azerbaýjan we Merkezi Aziýa ýurtlary howa boýunça bilelikdäki beýannama kabul etdiler

Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada bilelikdäki beýannama kabul etdiler.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, resminama Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde kabul edildi.

Beýannamada howanyň üýtgemegine garşy durmak, daşky gurşawy gorap saklamak we ilatyň saglygy üçin töwekgelçilikleri azaltmak boýunça sebitde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtalýar.

Sammitde Azerbaýjana bu ýurduň saglygy goraýyş ministri Teýmur Musaýew wekillik edýär.

Related posts

Türkmen Lider, ordunun hazırlık durumunu inceledi

vepa

Türkmenistan Owganystandaky terrorçylykly hereketi berk ýazgardy

Indi BAE üçin bäş ýyllyk wiza berler

vepa