DÜNÝÄ

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Egor Zaýsewiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirip, saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary amaly taýdan ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi