DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranda saparda bolar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde milli Liderimiz degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenildi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň wekiliýeti 8-9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmen wekiliýeti Tähran şäherine amala aşyrjak iş saparynda syýasy we ykdysady meseleler boýunça netijeli gepleşikler geçirer.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda hem türkmen wekiliýeti Tähranda iş saparynda bolup, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky on altynjy mejlisine we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşleriň işine gatnaşypdy.

Şeýle hem geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň baştutanlygyndaky ýokary derejeli wekilçilikli topar Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşyp, birnäçe möhüm gepleşikler geçiripdi.

Derwezedäki ýanyp duran gazy söndürmek tabşyryldy

Ýene-de okaň

“BP” komapniýasy Azeri-Çyrag-Güneşli ýatagynda tebigy gaz önümçiligine başlady

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Türkmen zyýaratçylar Saud Arabystanyda gurbanlyk sadakasyny berdi

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar