JEMGYÝET

Derwezedäki ýanyp duran gazy söndürmek tabşyryldy

Şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde çykyş eden milli Liderimiz Derwezedäki ýanyp duran tebigy gazy söndürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Täze ýylda Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparlaryna başlandygyny belläp, bu welaýatlarda işleýän nebitgaz pudagynyň işgärleri we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, önümçilik maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem baryp görmegi meýilleşdirýändigini belledi. Mähriban halkymyzyň bähbidine Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ägirt uly gorlary bolan uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin ähli zerur şertleri döredýäris we geljekde hem hökmany dörederis, diýip bellän hormatly Prezidentimiz indi uzak ýyllardan bäri Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gaz ýanyp durandygyny belledi. Bu ýagdaýyň ekologiýa we golaýda ýaşaýan adamlaryň hem saglygyna käbir ýaramaz täsir edýändigini bellän milli Liderimiz galyberse-de, eksport edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji aljak çig maly ýitirýändigimizi belledi.

Şoňa görä-de, alymlary ýygnap, gerek bolsa daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmak barada degişli tabşyryklar berdi.

 

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçiriler

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar