DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Astanadaky «Regional Eco Summit 2026» sammitine gatnaşdy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde giň gerimli «Regional Eco Summit 2026 EXPO» sebit ekologiýa forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşyp, toparyň düzümine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary girdi.

Ýaş hünärmenler howanyň üýtgemegi we ekologik bilim meseleleri boýunça nutuklar bilen çykyş etdiler, şeýle hem ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan «Howa gutujygy» we «Ýaşyl mekdepler» taslamalarynyň tejribesini sebit derejesinde ýaýratmagy teklip etdiler.

Forumyň çäklerinde «Merkezi Aziýanyň yklym liderligi: döwlet we işewürlik hyzmatdaşlygy» atly Merkezi Aziýa maslahaty hem geçirildi, onuň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň howandarlygynda çölleşmek meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen merkezi we yklym tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça merkezi döretmek baradaky başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini belläp geçdi.

Azat Ataýew ýurduň bilim ulgamyna «ýaşyl» endikleri we ekologik sowatlylygy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işler barada hem gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, Halkara zähmet guramasy, Ýewropa bilim gaznasy we Ýewropanyň hünär bilimini ösdürmek boýunça merkezi bilen bilelikde geçirilen forsaýt-barlaglarynyň netijeleri boýunça «Geljegiň hünärleriniň atlasy» taýýarlanyldy we onda «ýaşyl» geçiş bilen baglanyşykly 13 sany täze hünär kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar