Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan)” kompaniýasynyň we Petronas nebit tehnologik institutynyň wekiliýeti bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda nebit-gaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi esasy ugur hökmünde kesgitlenildi. Taraplar tehniki orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň Petronas kompaniýasynyň garamagyndaky bilim edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýan Petronas kompaniýasynyň wekilleri özleriniň hyzmatdaş ýurtlary bilen diňe bir gazylyp alynýan tebigy baýlyklar babatda däl-de, eýsem bu ýurtlarda adam maýasyny ösdürmäge öz goşantlaryny goşmaga ymtylýandyklaryny aýratyn nygtady. Ýyllaryň dowamynda toplanan tejribäni paýlaşmak arkaly, uzakmöhletleýin gatnaşyklary kemala getirmek esasy maksat hökmünde beýan edildi. Şeýle hem Petronas kompaniýasynyň bilim ugurly maksatnamalary, şol sanda hünär-tehniki taýýarlyk we gysga möhletli hünär kämilleşdiriş okuwlary barada giňişleýin maglumat berildi.
Hususanda, Petronas Tehnologiýa uniwersiteti, Petronas nebit tehnologiýa instituty, “Alam” deňiz bilimi akademiýasy bilim edaralary hem-de “Petronas Leadership Centre”, “Yayasan Petronas”, “Petrosains” bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Petronas kompaniýasy tarapyndan hödürlenilýän talyp hakly ýerleriň hasabyna Petronas Tehnologiýa uniwersitetinde ýokary bilim almak maksady bilen türkmenistanly ýaşlar yzygiderli iberilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Petronas kompaniýasy we bu kompaniýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäklerinde biziň uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyplary Petronas Tehnologiýa uniwersitetine hünär bilimini ýokarlandyryş okuwlaryna her ýyl iberilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Malaýziýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu bolsa iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
