DÜNÝÄ

Raşid Meredow: türkmen-täjik ykdysady gatnaşyklary ösdürilýär

Täjigistanda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygyndna soňra habarçylara beýanat berdi.

Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Täjigistanyň Prezidentine bizi kabul edendigini  we Türkmenistan bilan bolan gatnaşyklaryna goýýan hormaty üçin minnetdarlyk bildirýärin. Onuň hut özi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji döwlet saparynyň taýýarlyk işlerine gözegçilik edýär – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Onuň bellemegine görä, duşuşykda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Raşid Meredow häzirki wagtda Türkmenistan bilen Täjigistanyň ähli ugurlar boýunça, hususan-da, syýasy we diplomatik ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini belläp, “Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyz halkara syýasy arenada, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki möhüm halkara guramalarynda 30 ýyldan gowrak wagt bäri birek-birege goldaw berýärler” -diýip, belledi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy iki döwletiň arasyndaky söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini we mundan beýläk hem ösjekdigini we çuňlaşjakdygyny aýtdy.

8-nji martda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet resmi sapar bilen Duşanbe şäheirne bardy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar