JEMGYÝET

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ulag we logistika, Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli ulanmak, senagat kärhanalaryny döretmek meseleleri görkezildi. Iki ýurduň arasynda halkara ylmy-tejribelik maslahatlaryny, döredijilik festiwallaryny, sergileri we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň özara duşuşyklaryny guramak ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde bellendi.

Prezident Emomali Rahmonyň we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşuşygynyň barşynda öňde boljak ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň gün tertibine aýratyn üns berildi.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynda iki günlük saparda bolýar. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Özara gepleşikleriň barşynda aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk işleri-de ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi

Aşgabatda 2027-2028-nji ýyllar üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagty yglan edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 4 milliard dollardan geçdi

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwada geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Ata Watan Eserleri