JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkiýe bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Başlygy Mustafa Şentop bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklaryň dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklara ünsi çekip, häzirki günde ildeşlerimiziň müňlerçesiniň Türkiýäniň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň bilim almagyny guramak meselesine goldaw berýändikleri üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin mundan beýläk-de maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyryljakdygyny nygtady.

Related posts

Türkmenistan Afganistan’da cami inşa edecek

vepa

Türkmenistan’dan “Vatandaşlığa kabul” kararı

vepa

Arkadag şäherinde ilkinji halkara media forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment