BILIM

ÝB-niň gurnamagynda talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda  Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplarynyň arasynda debate ýaryşy geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Aýna Seýitliýewa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri Işan Orazow, “Degirmen” hojalyk jemgyýetiniň başlygy Baýram Amanmuradow, KHBS-niň wekili, žurnalist Bahar Hojamuhammedowa, “Akenmar” hojalyk jemgyýetiniň wekili Maral Annanurowa, şeýle hem USAID-iň Ýaşlar baradaky Ösüş taslamasynyň hünärmeni Hemra Atabaýew dagylar bu günki geçirilen “debate” ýaryşyna adalatly eminlik etdiler.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral, Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luciano Galli, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Renata Wrobel dagylar hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. “Debate” ýaryşyna  gatnaşan toparlar ikileýin görnüşde öz aralarynda bäsleşip, soňlugynda final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Gatnaşyjylar özlerine  hödürlenen temalar boýunça bäsleşip, emin agzalar tarapyndan adalatly baha berildi.

Ýaryşyň final tapgyryna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiniň talyplary gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.  Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda üstünlikli çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiniň talyplary ýeňiş gazanmagy başardylar.

Ýene-de okaň

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler