2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda çempion bolan Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi topar ýoldaşlaryna garaşylmadyk we gymmatbahaly sowgat taýýarlady.
Fransiýanyň milli ýygyndysyny ýeňip, 35 ýyldan soňra çempion bolmagy başaran Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Lionel Messiden “altyn” telefon sowgat aldy. Futbolçy hökmündäki arzuwyna ýeten Messi topar ýoldaşlaryna daşay altyn gaplanan telefon sowgat etdi. Munuň üçin Messi 175 müň futn-sterling töledi we 35 sany telefon sargyt etdi.
Iňlis neşiriniň habar bermegine görä, Messiniň durmuşynyň iň bagtly pursatlary bolan çempionlyk döwrüni ýatda galyjy pursatlara öwürmek isländigi bellenildi.
Bu telefonlar “Ben Lyons” kompaniýasy tarapyndan dizaýn edildi. “Lionel ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy. Şol bir wagtda ol biziň hem ygtybarly müşderimiz. Dünýä kubogynyň finalyndan soňra biziň bilen habarlaşdy. Gazanan ajaýyp üstünligi üçin ähli futbolçylara we toparyň işgärlerine sowgat sargyt etdi. Ol hemişeki ýaly sagat sowgatdan ýüz öwrüp, futbolçylaryň we ýygyndynyň işgärleriniň atlary we telefon belgileri ýazylan telefon taýýarlamagymyzy isledi” – diýip, kompaniýa habar berdi.
Şeýlelikde, Messi topar ýoldaşlaryna 24 karatlyk “iPhone” telefon sowgat etdi.
