SPORT

Hakimi “Real Madride” dolanar

Häzirki wagtda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynda kärendesine çykyş edýän Aşraf Hakimi geljek möwsümde Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna dolanyp geler.  21 ýaşly futbolçy Madrid toparynyň oýunçysydyr.

Metbugatdaky habarlara görä, Aşraf Hakimi “Reala” dolanyp gelip, bu topar bilen şertnamasynyň möhletini 2025-nji ýyla çenli uzaldar.

Şu möwsümde Hakimi  “Borussiýa Dortmund” toparynyň düzüminde 29 duşuşykda çykyp edip, 5 gezek tapawutlandy. Ol toparyň düzümindäki erjel oýny bilen tapawutlanýar we nemes toparynyň üstünlik gazanmagyna goşant goşýar.

Related posts

2-nji iýul ― Sport žurnalistleriniň halkara güni

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Döwletjan Ýagşymyradowyň ýene-de bir tutluşygy galdy

Ata Watan Eserleri