SPORT

“Mançester Ýunaýted” 6 ýyldan soňra kubok gazandy

Amerikaly işewür Gleýzerleriň maşgalasynyň eýeçiligindäki Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary 6 ýyldan soňra Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazanyp, nobatdaky üstünlige eýe boldy. Katarly kompaniýalaryň hem-de Ilan Maskyň satyn almagyna garaşylýan “Mançester Ýunaýted” topary tälimçisi Erik ten Hag bilen bolsa, ilkinji kubogyny eýeledi.

Angliýanyň ligasynyň kubogynyň final duşuşygy geçirildi. Onda “Mançester Ýunaýted” topary bilen “Nýukasl Ýunaýted” toparlary duşuşdy.

Duşuşykda “Mançester Ýunaýted” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Kazemiro we Markus Raşford geçirdi.

Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” topary 2017-nji ýyldan soňra Angliýanyň çempionatynda kubok gazanmagy başardy. Mundan ozal, 2017-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” topary Žoze Mourinýo bilen Ýewropanyň ligasyny gazanypdy.

“Mançester Ýunaýted” topary bu gazanan üstünligi bilen kuboklarynyň sanyny artdyrdy. Mundan ozal, bu topar Angliýanyň çempionatynda 20 gezke çempion bolupdy. 12 gezek Angliýanyň kubogyny, 21 gezek Angliýanyň Superkubogyny, 5 gezek Liganyň kubogyny, 3 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, 1 gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny, bir gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazanan “Mançester Ýunaýted” topary soňky ýyllarda şowsuz çykyş edip, janköýerlerini gynandyrypdy.

Täzeden güýçlenýän “Mançester Ýunaýted” topary Angliýanyň ligasynyň kubogyny gazanyp, janköýerlerini 6 ýyldna soňra gazanan kubogy bilen begendirdi.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri