BILIM

Amerikada stipendiýaly magistr mümkinçiligi:Fulbraýt maksatnamasynda soňky birnäçe gün

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda stipendiýaly magistr derejesini almak üçin  uly mümkinçilik.Bu ýurdyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň web saýtyndaky habara görä, 2024-2025-nji ýyl üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesini almak maksatnamasyna resminamalar kabul etmek başlady. Resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär. Ähli tapgyry geçenler 2024-nji ýylyň awgust aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda magistr derejesini almak üçin başlamak mümkinçiligine eýe bolar.

Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesini almak maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2024-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.

ABŞ-da magistr okamak üçin resminamalar tabşyrmak üçin şu line girip bilersiňiz

Maksatnama barada giňişleýin maglumat  almak üçin AshgabatEducation@state.gov salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

 

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Täze karar : pandemiýa döwründäki daşary ýurt diplomyny ykrar etmek

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy