Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Öňüňizde ajaýyp hepde garaşýar. Şonuň üçin maksatlaryňyza ýetmek üçin meýilnama düzüp bilersiňiz we hatda birneme töwekgelçilik edersiňiz. Karýera bilen baglanyşykly meselelerde üstünlik gazanarsyňyz. Maliýe, girdeji bilen baglanyşykly zatlarda şowĺulyklar ýaranyňyz bolar. Hepdäniň ortasynda uly söwdany amala aşyrmagyňyz ähtimal. Şahsy durmuşyňyzda sowaşmak, haýallamak ähtimallygy bar. Maşgalada, esasanam dynç günlerine dawa-jenjeller bolup biler. Ýöne çynlakaý zat ýok – ba dawalardan çalt baş alyp çykyp bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu hepde sowurlaryň durmuşynda köp ownuk, ýöne ýakymly wakalar bolar: garaşylmadyk duşuşyklar we tanyşlar bolar, işiňizde öwgüli sözleri alarsyňyz. Söýgi meselelerinde hepde ajaýyp bolar. Indi köplenç gelejek hakda pikirlenip, meýilnama düzersiňiz. Meýilleşdirýän zatlaryňyzyň hemmesi hakykata öwrüler. Käbir täsirli adam size duýgudaşlyk eder we goldaw bermäge taýyn bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar bu hepde saglyk ýagdaýlaryna aýratyn üns bermelidirler. Bu hepde ýadawlyk adatdakysyndan has beter göze iler. Dynç almak, dostlaryňyz bilen wagt geçirmek üçin güýç bolamaz. Ýöne terk edip bolmajak möhüm bir işiňiz bar: ol pul, gozgalmaýan emläk we haýsydyr bir syr bilen baglanyşykly. Durmak hakykatdanam mümkin däl, ýöne saglyk ýagdaýyny äsgermezlik etmäň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Töwereginde köp synaglar bar, ýöne ýaltalyga we işsizlige boýun egmeli däl. Içgysgynç ýa-da gaty kyn görünse-de, tamamlamaly birnäçe zadyňyz bar. Size doly ynanýan ýakyn adamyňyz ýa-da dostuňyz kömek edip biler. Häzirki wagtda aňsatlyk bilen, köplenç göwnüçökgün bolýarsyňyz we kimdir biri bu pursatdan peýdalanyp, sizi oňaýsyz ýagdaýa salmak isleýär. Duýgularyňyza gözegçilik ediň we edilmeli ähli zady meýilleşdiriň. Şonda ýitgiler we kynçylyklar bolmaz.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Şu wagt esetlere energiýa ýetmezçilik edýär. Etmeli köp ownuk işiňiz bar we muny nädip ýerine ýetirmelidigini bilmeýärsiňiz, şonuň üçin diňe eliňiziň ýeten zadyny edýärsiňiz. Ýeterlik uky almasaňyz, ýadarsyňyz, şeýlelik bilen işlemek ukybyňyz pese gaçar. Netijeleri gazanmaga näçe synanyşsaňyzam, hemme zat haýal geçer we gaty bir netijesiz bolar. Şonuň üçin özüňizi rahatlandyrmaga, has köp uklamaga çalşyň, günortanlyk naharyny edinmegi ýatdan çykarmaň. Umuman aýdanyňda, özüňizi gaty tankytlamaň. Şonda zatlar has çalt geçer. Hatda şu hepde sowuklama we dowamly keselleriň güýçlenme howpy bar. Iň gowşak ýer oňurgadyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler, soňky döwürde aladasyz durmuş ýörelgesini alyp barýarsyňyz. Siz has köp gezelenç edýärsiňiz, häzirem siziň çakylyklaryňyz sanardan kän. Ýöne aňy ele almagyň wagty geldi. Çynlakaý meseleler üns berilmegini talap edýär. Bu hepde isleg bilen borjuň arasynda gapma-garşylyk bolar. Sünbüleler üçin saýlamak möhümdir. Işewürlik meselelerini çözmek üçin sarp edilen tagallalar derrew netije bermez. Şeýle-de bolsa, geljekde kynçylyklardan gaça durmak üçin olary ulanmak zerurdyr. Hepde sowuk, bronhlara we öýkenlere ideg ediň – häzir bu siziň iň ejiz ýeriňiz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bir ýa-da birnäçe maşgala düşünişmezlikleri bolup biler. Ýakyn adamyňyz bilen – belki garyndaşyňyz ýa-da nikalaşýan ýoldaşyňyz bilen möhüm meselede ylalaşyp bilmersiňiz. Jedel edip, gaharlanyp bilersiňiz. Bu ýagdaý işiňizde öz beýanyny tapar. Şahsy düşünişmezlikler islendik ýagdaýda çözülmelidir, ýogsam ýakyn wagtda karýerada, pulda we meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginde kynçylyklara sebäp bolar. Munuň üçin sabyr etmeli we bir zada boýun bolmaly bolarsyňyz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzir siz hakykatdanam öýde galmak, rahatlykdan lezzet almak isleýärsiňiz. Ýöne hemişe syýahat etmeli, dawa etmeli, köp adam bilen duşuşmaly bolýarsyňyz. Mundan başga-da, edilmeli köp zat bolar. Möhüm ýygnaklara gijä galyp bilseňiz, wagtyň ýetmezçiligini yzygiderli duýarsyňyz. Maliýe ýetmezçiligi bolup biler, ýöne hepdäniň ikinji ýarymynda gowy pul gazanmak mümkinçiligi bar. Dostlaryňyza bil baglamaly. Olar size agyr ýükleri ýeňip geçmäge goldaw bererler we kömek ederler. Bu hepde gysga syýahatlaryň, iş saparlarynyň bolmagy ahmal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Hepdäni gaty gowy geçirýärsiňiz. Ilki bilen köp gyzykly tanyşlar bolar. Ykbal sizi adaty bolmadyk adamlara duşurar. Olar bilen aragatnaşyk gurup, gözýetimiňizi giňeldersiňiz. Täze tanyşlardan biznesde we karýerada möhüm maglumatlary alarsyňyz. Bu hepde uly satyn alyşlar bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler, siz şu hepdäniň dowamynda özüňize aýdylýan öwgüleri diňlärsiňiz. Size akylly, owadan, gyzykly adamdygyňyz aýdylar. Ýaňy göwnüçökgünlige uçran bolsaňyzam, beýle sözler özüňize bolan hormatyňyzy artdyrar. Özüne ynamly adam bolsa, adatça aňsat maksatlaryna ýetýär. Şonuň üçin bu hepde şowly bolar. Mundan başga-da, üýtgeşik, gyzykly adamlar bilen aragatnaşyk saklamaly. Işewürlik gatnaşyklary söýgi gatnaşyklary bilen baglanyşyp biler. Şahsy finansyňyzy göz öňünde tutmaly. Häzir sizde adatdakysyndan has köp pul bar, ýöne asla sarp etmeýärsiňiz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar, siz bu hepde gowy işleýärsiňiz. Günüň dowamynda köp zat etmäge wagtyňyz bar – köp ýygnak geçirýärsiňiz, öňüňizde birnäçe mümkinçilikler bar we olaryň birini-de ret etmeýärsiňiz. Käwagt dynç almaga wagtyňyz ýok, belki adatdakysyndan az uklarsyňyz. Käbir içki gorkular we aladalar sizi güýçlendirer. Belki, işiňizi ýitirmekden gorkýarsyňyz. Siz ýakynlaryňyza ynamsyz garaýarsyňyz. Bularyň hakyky faktlara däl-de, eýsem öňki erbet tejribelere esaslanýar. Emma ýadyňyzdan çykarmaň, artykmaç işlemek, häzir esasy duşmanyňyzdyr. Biraz rahatlanmany we has köp dynç almagy öwrenmeli.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Häzirki wagtda iň zerur zat gatnaşyk saklamak, köpçülige çykmakdyr. Sebäbi ýeke özüňiz bilen keýpiňiz hemişe ýaramazlaşýar, kelläňize pessimist pikirler girýär, belki-de gorkular bolup biler. Ýöne dostlaryňyz bilen bile bolsaňyz, bu bu zatlar ýok bolup gider. Mundan başga-da, ýakyn dostluk bilen söýginiň arasyndaky baglanyşyk gaty inçe. Saglyk ýagdaýyňyza üns beriň.