JEMGYÝET

Täze gepleşik başlaýar: “Ata Watan Lezzetleri”

“Ata Watan Lezzetleri” ady bilen täze gepleşik başlaýar. “Ata Watan Media” topary tarapyndan MB restoranlary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylýan täze gepleşigiň ilkinji sany 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-sine tomaşaçylara ýetirilýär. Gepleşikler MB restoranlarynda ýazgy edilýär. Gepleşigiň ilkinji sanynda Täze ýyl tortlary, esasan hem MB restoranlarynyň halk köpçüligine ýetirýän tortlarynyň taýýarlanyşynyň inçe tilsimleri barada gyzykly we peýdaly gürrüňler berilýär. Gepleşigi “Humaý” serialynyň “Humaýy” Jemal Pygamowa alyp barýar.

Gepleşigi tomaşa etmek üçin  Atavatan TV You Tube kanalyna gelıp bilersiňiz. Gepleşigi www.atavatantv.com saýtyndan hem aňsatlyk bilen tomaşa edip bilersiňiz.

Döredijilik toparymyz gepleşigimiziň indiki sanlarynda tomaşaçylardan gelen isleg we haýyşlary  hasaba alyp, türkmen we dünýä saçagyndan lezzetleri Size ýetirmegi maksat edinýär. “Ata Watan Lezzetleri” gepleşiginiň has gyzykly we peýdaly bolmagy üçin  tomaşaçylardan geljek tankyt, bellik  we maslahatlary gymmatly diýip hasaplaýarys. Gepleşigi hepdede 1 gezek halk köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy