JEMGYÝET

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň gaznanyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti welaýatyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olara degişli derejede bilim bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, ilki bilen, Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy. Onuň çäginde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça bejeriş işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu ýerdäki ýöriteleşdirilen bejeriş otaglary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti lukmanlaryň bu otaglarda alyp barýan işleriniň çagalaryň sazlaşykly ösüşinde ähmiýetlidigini belläp, bu çäreleri has-da kämilleşdirmek we dünýä tejribesini özleşdirmek babatda öz maslahatlaryny berdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti çagalaryň saglygyny dikeldip, tiz wagtda jemgyýetimize goşulmagyny arzuw edip, bu ýerden Ahal welaýat köpugurly hassahanasyna tarap ugrady. Oguljahan Atabaýewa hassahananyň çaga dogrulýan bölüminiň intensiw otagyna baryp gördi.

Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Ahal welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine bardy we onuň çaga dogrulýan bölüminiň işi bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatda ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda merkeziň bu bölüminiň enjamlaşdyrylyşy, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, bejerişiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener