SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň syýahatçylyk maksady-2022: 50 million syýahatçy

9 aýda Türkiýede syýahatçylyk 97 göterim ösdi, ýylyň ahyryna çenli täze maksatlara ýetmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Pandemiýanyň täsirinden gutulyp başlan syýahatçylyk pudagy her aý täze ösmegini dowam etdirýär. Pandemiýadan bir ýyl öň 2019-njy ýylda Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany 51,7 million, syýahatçylyk girdejileri 37,3 milliard dollar boldy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, 9 aýyň içinde bolup geçen oňyn wakalary göz öňünde tutup, ýylyň ahyryna çenli 50 million syýahatçy we 44 milliard dollar  girdejä garaşýandykaryny belledi.

Geçen ýyl Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany 30 million, syýahatçylyk girdejileri bolsa 44 milliard dollar boldy.

Atatürk medeniýet merkezinde geçirilen 2022-nji ýylda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan çärede çykyş eden ministr Mehmet Nuri Ersoý sentýabr aýynyň maglumatyna görä, ýurda gelýän jahankeşdeleriň sany 40 million 246 müň we pudagyň girdejisiniň bolsa 35 milliard dollara barabar bolandygyny belledi.

Türkiýä sentýabr aýynda iň köp syýahatçy Russiýadan gelipdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri