BIZNES

“Maryazot” önümçilik birleşiginiň durkuny täzelener

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow himiýa senagatynyň kärhanalarynyň, hususan-da, oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleri öndürýän “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ammiak selitrasy bilen doly üpjün etmek hem-de onuň importyny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Maryazot” önümçilik birleşiginiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri zerur bolan dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, himiýa senagatynyň ähli önümçilik kärhanalarynyň netijeli işini gazanmagyň hem-de işleýän kärhanalary yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

“Maryazot” önümçilik  birleşigi azot dökünlerini öndürýän Türkmenistanda ilkinji senagat kärhanasydyr. Ol  1984-nji ýylda ulanmaga berildi. Bu kärhananyň önümleriniň esasy görnüşi ammiak selitrasydyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi