JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: fosforit uny satyn alnar, elektrik togy iberiler

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistandan fosforit ununy satyn almagy hem-de Özbegistana elektrik energiýasyny ibermek babatda taýýarlanan şertnamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hususan-da, daşary ýurtlardan zerur bolan himiýa önümlerini satyn almak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Özbegistan Respublikasynyň “Navoiy Milling” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň arasynda fosforit ununy satyn almak barada şertnamany baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şeýle hem, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy amala aşyrylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň “Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Bu hödürlenen şertnamalaryň Kararlaryna gol çekildi we olary durmuşa geçirmegi gözegçilik etmek babatda tabşyryklar berildi.

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler