MEDENIÝET

Noýabr aýynyň medeni çäreleri: bag ekmek dabarasy, sergiler we festiwallar

Noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň maksatnamasy barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Baýramçylyklar we şanly wakalar mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stol” söhbetdeşliklerini, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, konsertleri hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde dürli sport ýaryşlaryny, uniwersiadalary, spartakiadalary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Noýabr aýynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy, Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2022” atly halkara sergi we ylmy maslahat, “Sanly çözgüt — 2022” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler.

Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çäreleri, noýabryň ikinji ongünlüginde Daşoguz şäherinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly guralar. “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi” atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi noýabr aýynda geçiriljek beýleki halkara çäreleriň hatarynda bolar.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy