JEMGYÝET

Geljek ýylda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçiriler

2023-nji ýylda Türkmenistanda möhüm çäreleriň birnäçesi ― Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda bu barada aýtmak bilen, saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady.

«Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň hem uly ornunyň bardygyna, bu işde olaryň işjeň hereketleriniň uly meseleleri çözýändigine ünsi çekdi.

Related posts

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy B1 we B2 wizasy barada habar berýär

Ata Watan Eserleri

Taýland Patyşalygyna iş sapar

vepa

Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi

vepa

Leave a Comment