SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda ilkinji maýmyn mama keseli hasaba alyndy

Hytaý materiginde ilkinji maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu barada Hytaýyň Merkezi teleýaýlymy (CCTV) haber berýär.

Teleýaýlymyň habaryna görä, ilkinji maýmyn mama keseli Günorta-Günbatar Hytaýyň Çunsin şäherinde hasaba alyndy. Wirusy göteriji daşary ýurtdan gelipdir.

Çunsin şäherine gelen şahsda maýmyn mama keseliniň alamatlary ýüze çykaryldy. Ol karantin gözegçligine alyndy. Wirus göterijiniň ýagdaýynyň durnuklydygy habar berildi. Wirus göterijiniň ýakyn aragatnaşykda bolan adamlary hem karantin gözegçligine alnyp, lukmanlar tarapyndan seredilýär.

Şäheriň saglygy goraýyş topary öz wagtynda alnan öňüni alyş çäreleriň hasabyna bu wirusyň ýaýramak howpunyň örän pesdigini belläp geçdiler.

Related posts

Koronawirus sanjymyny satyn alar

Ata Watan Eserleri

Beýik Britaniýa adaty durmuşa dolanýar

Ata Watan Eserleri

Kuba dünýäde ilkinji bolup, bu ädime başlady

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment