SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Beýik Britaniýa adaty durmuşa dolanýar

Beýik Britaniýa uzak wagtdan soňra adaty durmuşa dolanýar. Ýurduň Premýer-ministri Boris Jonson koronawirus ýokanjy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň ählisiniň üstümizdäki aýda aradan aýryljakdygyny mälim etdi.

Ol ýurtdaky ähli koronawirus çäklendirmelerini aradan aýyrmak babatda ozal kesgitlenen senäni öňe süýşürip, 21-nji fewralda çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy ugrunda tagalla edilendigini belledi.

Beýik Britaniýada koronawirus pasporty, öýden işlemek we agyz-burun örtügini dakynmak hökmanylygy 19-njy ýanwarda aradan aýrylmagyndan soňra çäklendirmeleriň gowşadylmagyna degişli täze çözgüt hem kabul edildi.

KARANTIN HÖKMANYLYGY ÝATYRYLÝAR

Premýer-ministr Boris Jonson 24-nji martda aradan aýrylmagy göz öňünde tutulan çäklendirmeleriň koronawirus bilen baglanyşykly wakalaryň azalmagy sebäpli bir aý ozal ýatyrylmagyny babatda karar alnandygyny belledi.

Ol 21-nji fewralda “wirus bilen ýaşamak” meýilnamasyny esasynda koronawirus bilen baglanyşykly lukmançylyk synagynyň pozitiw bolandygy sebäpli 5 gün karantinde bolmak çäklendirmesi bilen bir hatarda ähli çäklendirmleriň wagtyndan öň ýatyryljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem 11-nji fewraldan başlap, Beýik Britaniýa barýan adamlar üçin göz öňünde tutulan koronawirus barlag hökmanylygy doly sanjym bolanlar üçin göz öňünde tutulmaýar. Emma, doly sanjym bolmadyk adamlar Beýik Britaniýa barjak bolanlarynda koronawirus barlagyndan geçmegi hökmany bolar.

Beýik Britaniýada 12 ýaşdan uly bolan adamlaryň 85 göterimi azyndan 2 doza sanjym alandygy mälim edildi.

 

Şwesiýa-Italiýa: çäklendirmeler gowşadylýar

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri