BIZNES

Türkmenbaşy halkara deňiz porty sebitiň söwda merkezine öwrüler

Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň sebitleýik söwda merkezine öwrüljekdigi bellenildi. Bu barada “Trend” internet neşirine Halkara Awtomobil ulaglary bileleşigi (IRU) habar berdi.

– Intermodal söwda ulgamynda ägirt uly başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen Türkmenbaşy halkara deňiz porty sebitleýin söwda merkezine öwrüler we ulag-üstaşyr ulgamda özüniň ornuny berkider – diýip, guramanyň beren beýanatynda bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasy Türkmenistanyň sebitleýin söwda merkezi ulgamyndaky ornuny has-da güýçlendirýär. Bu portuň mümkinçilikleri öz gezeginde ýurduň söwda-ykdysady ösüşe öz goşandyny goşar, diýlip, guramanyň beýanatynda bellenilýär.

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejisindäki halkara maslahaty” geçirildi. Bu halkara maslahata gatnaşmak üçin, dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görüpdiler.

 

Related posts

“Asya Uluslararası Demiryolunun” ilk etabı tamamlandı

vepa

Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi

Nebitgaz pudagyna 234 million manatdan gowrak serişde goýberiler

Ata Watan Eserleri