DÜNÝÄ

3 ýylda 30 milliard dollar gönükdiriler

Ýaponiýanyň hökümeti öňümizdäki 3 ýylda Afrika ýurtlaryna, ilkinji nobatda adam resurslaryna 30 milliard dollar möçberinde maýa gönükdirmegi maksat edinýär. Bu barada Afrikany ösdürmek boýunça Tokio halkara maslahatda çykyş eden Ýaponiýanyň Premýer-ministri Funio Kisida belläp geçdi.

– Ýakyn 3 ýylda Afrika ýurtlarynyň ösdürilmegi üçin 30 milliard dollar maýa goýarys – diýip bellän Kisida Afrikanyň ösdürilmegi üçin hemmataraplaýyn kömek bermäge taýýardyklaryny belledi.

Kisida Afrikanyň Tunis döwletindäki maslahatda gatnaşmagy göz öňünde tutýardy. Ýöne koronawirus ýokanjy bilen keselländigi üçin bu saparyny ýatyrdy.

Ýöne Kisida Tokiodaky maslahata gatnaşyp, Ýaponiýanyň Afrika ýurtlaryna kömek bermegi dowam etdirjekdigini belläp, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we hukuk ýaly ulgamlarda 300 müň afrikaly hünärmeniň bilimini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretjekdiklerini belläp geçdi.

Related posts

Türkmen-katar hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Owganystanda demirýoluň gurluşygyny alyp barar

Ata Watan Eserleri

Öýde öndürijilikli wagt geçirip boljak 10 onlaýn iş

Ata Watan Eserleri