DÜNÝÄ

Endi Bernem – Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri

Endi Bernem Beýik Britaniýanyň Leýboristler partiýasynyň täze ýolbaşçysy boldy. Bu barada Birleşen Patyşalykda häkimiýet başyndaky partiýanyň ýörite maslahatynda onuň Milli ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Şaban Mahmud yglan etdi. Çäräni “Sky News” teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezýär.

Leýboristleriň häkimiýet başynda bolmagyny nazara alsak, 56 ýaşly syýasatçy ozal wezipesinden gitmek kararyna gelen Kir Starmeriň ornuna ýurduň premýer-ministri bolar.

Täze Premýer-ministr 20-nji iýulda wezipesini kabul edip alar.

Related posts

Mihail Gorbaçýow aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Gruziýanyň Prezidentine gutlag haty

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary gatnaşar