DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Ýaponiýada saparda bolar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew resmi sapar bilen Ýaponiýa barar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, Kasym-Žomart Tokaýewiň sapary 18–20 dekabr aralygynda geçiriler.

“Saparyň dowamynda imperator Naruhito, premýer-ministr Sanae Takaiti, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Gazagystanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitiniň işine gatnaşar” — diýlip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Related posts

Russiýa — Türkmenistan uçar gatnawlarynyň sany artar

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

Ministrler we pudak ýolbaşçylary 1 aý dynç alarlar