DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler.

“Report”yň maglumatyna görä, bu barada Azerbaýjan Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde habar berdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti 12-nji dekabrda Azerbaýjanda umumymilli lider Geýdar Aliýewiň ýatlama güni geçirilýändigini belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaragatnaşyp bilmejekdigini, şol çärelerde Azerbaýjany Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň wekilçilik etjekdigini mälim etdi.

Related posts

Tennis muşdaklary üçin gynançly habar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ile Katar ikili işbirliği anlaşmalarına imza attı

vepa

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi