DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde KHDR-nyň ilçisi bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Sin Hon Çhol bilen duşuşyk geçirildi.

Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi hem-de bu şanly senä bagyşlanyp geçirilen ýokary derejeli Halkara foruma we ugurdaş çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda myhman Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Taraplar häzirki wagtda halklary we döwletleri ýakynlaşdyrmakda, hyzmatdaşlygy berkitmekde parlament diplomatiýasynyň aýratyn orun eýeleýändigini hem-de ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň ýokary ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ýokarlandyrmagyň iki tarap üçin hem peýdaly boljakdygy, şeýle hem birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklary beýan edildi.

Related posts

Türkmenistan bilen Hytaý resminamalara gol çekişdi

Awaza: ýerli we daşary ýurtly habarçylar sammitde

Ata Watan Eserleri

“Gremmi” baýragy: Beýonse we Kendrik Lamar üstünligi