«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, Balkan welaýaty ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa senagat pudaklarynyň ösen sebitidir. Welaýatda ilatyň esasy bölegi şäherlerde ýaşaýar.
Milli maksatnamanyň çäklerinde Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda 20 binany we desgany gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.
Olara 4 sany hassahana, 3 sany saglyk öýi we merkezi, 1 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 7 sany umumybilim berýän orta mekdep, 2 sany medeniýet öýi degişlidir.
Şu döwürde 743,37 kilometr suw geçirijini, 2 sany suw arassalaýjy desgany, 25 sany dik guýyny, 112,00 kilometr lagym geçirijilerini, bir lagym arassalaýjy desgany, 244,09 kilometr awtomobil ýoluny, 212,0 kilometr gaz geçirijini, 347,50 kilometr elektrik geçirijini gurmak göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da, 89,5 kilometr telefon ulgamy çekiler, 4416 sany telefon belgisi işe giriziler hem-de 710,48 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar.
