JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda ýurdumyz bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşykda Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň dokma senagatynda tanalýan görnükli işewür, belli şahsyýet, Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. «Merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun!» diýip, hormatly Arkadagymyz işewüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.

Ahmet Çalyk medet beriji sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň kyblasynyň aradan çykandygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat okaldy. Onda merhumyň imanynyň hemra, jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagy dileg edildi. Munuň özi türkmen halkynyň ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändigini görkezýär.

Türkiýeli işewür Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Dostluk” gämisi üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik