SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmyn mama keseli: ilkinji wakalar we adatdan daşary ýagdaý

Maýmyn mama keseli tutuş dünýäde çalt ýaýrap başlady. Şonuň üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bu keseliň hususan-da Ýewropada çalt ýaýramagyndan soňra bu wirus babatda adatdan daşary ýagdaý hökmünde yglan etdi.

BSGG-niň maglumatyna görä, dünýäniň 75 döwletinde 16 müňden gowrak maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu keseliň ýaýramagynyň howpy dörändigi üçin oňa garşy köpçülikleýin göreşmek göz öňünde tutulýar.

Ýaponiýada hem maýmyn mama keseliniň ilkinji wakasy ýüze çykdy. Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, Tokio şäherinde 30 ýaşyndaky erkek raýaty bu kesel bilen keselledi.

Peru Respublikasynda hem maýmyn mama keseliniň iň ýokary ýaýramak hadysasynyň ýüze çykandygy mälim edildi. Bir hepde mundan ozal, 95 adam bu kesel bilen kesellän bolsa, häzirki wagtda olaryň sany 203-e ýetdi. Diňe olaryň 3-siniň hassahana ýerleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy.

Ýewropa yklymynda Niderlandlar Patyşalygynda maýmyn mama keselina garşy sanjym işlerine badalga berildi. Ýurduň Amsterdam we Gaaga şäherlerinde bu wirusa garşy ilkinji snajymlar edildi. Soňlugy bilen, ýurduň ähli ýerinde sanjym işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sanjym edilmegi göz öňünde tutulan ilkinji toparda 32 müňe golaý adam bar. Olar birinji sanjymy alandan 1 aýdan soňra ikinji sanjym etmek göz öňünde tutulýar. Niderlandlar Patyşalygynda 712 adamyň bu kesel bilen keselländigi hasab alyndy.

 

 

Türkmenistanyň gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna giriziler

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar