DÜNÝÄ

Ankarada Magtymguly Pyragynyň heykeline gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna Türkiýe Respublikasyndan hormatly myhman hökmünde, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir we toparyň agzasy Bedri Ýaşar, Daşary işler ministrliginiň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary müdirliginiň Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Çynar Ergin, Ankara şäher häkiminiň orunbasary Selim Çyrpanoglu,  TÜRKSOÝ-yň wekili Elçin Gafarly we Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň esaslandyryjy ýolbaşçysy Salahattin Baýsal çykyş etdiler.

Şeýle hem baýramçylyk çäresine Gyrgyzystanyň, Çiliniň, Gwatemalanyň, Marokkonyň Türkiýedäki Ilçileri, Ankara şäherinde ýerleşýän birnäçe diplomatik wekilhanalaryň diplomatlary, Türkiýäniň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkiýäniň birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň, TÜRKSOÝ-yň, Türkmenistanda işleýän käbir türk şereketleriniň wekilleri, Anadolu habar agentliginiň, TRT telewideniýesiniň, “Diplomatik syn” žurnalynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň edebiýatşynas mugallymlary, Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary we raýatlarymyz hem-de beýleki adamlar gatnaşdylar.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Hormatly Prezidentimiziň liderliginde ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň kämil belentliklerine göterilýändigi hem-de ýurdumyzda we dünýäde nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmek we dünýä tanatmak boýunça durmuşa geçirilen işler barada çykyş etdi.

Şeýle hem çärede çykyş edenler beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Türki dünýäsiniň möhüm şahyrlarynyň biridigini we ony uly hormat bilen hatyralaýandyklaryny bellediler we onuň käbir şygyrlaryny türk dilinde ýerine ýetirdiler.

Dabaraly çäräniň dowamynda Ankara kluby jemgyýetiniň “Segmenler” tans toparynyň milli tanslary ýerine ýetirildi we çärä gatnaşanlar bilen ýadygärlik surata düşüldi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan myhmanlar üçin türkmen milli tagamlary hödür edildi.

 

 

Türkmen Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär