SPORT

Türkmen toparlary AFK-nyň kubogynda ýeňiş gazandy

27-nji iýunda paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşigindäki ikinji duşuşyklaryny geçirdiler.

“Altyn Asyr” toparynyň garşydaşy Gyrgyz Respublikasynyň Kubogynyň eýesi “Neftçi” topary boldy. Duşenbe şäherinde geçirilen bu duşuşyk 1:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk topy oýnuň 34-nji minutynda Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyndan öz adyna ýazdyrdy. Geçirilen iki tapgyrdan soň “Altyn Asyr” dört utuk toplamagy başardy. Paýtagtymyzyň topary üçünji tapgyryň çäginde özbekleriň “Sogdiana” topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 30-njy iýunda geçiriler.

***

“F” toparça wekilçilik edýän “Köpetdag” topary ikinji tapgyryň çäginde Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” toparyndan üstün çykdy. 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan paýtagtymyzyň toparynyň ýeke-täk topuny duşuşygyň 45-nji minutynda Batyrgylyç Berdiýew geçirmegi başardy. Bu toparçanyň duşuşyklarynyň Bişkek şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys. Duşuşygyň 8-nji minutynda “Köpetdagyň” oýunçysy Yhlas Saparmämmedowyň meýdandan çykarylandygyny bellemek gerek.

Geçirilen iki tapgyrdan soň “Köpetdag” toplan üç utugy bilen toparçada ikinji orny eýeleýär.

Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi AFK-nyň sebit bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik alar.

 

atavatan-turkmenistan.com/eyran-we-argentina-briks-e-agza-bolmak-ucin-yuz-tutdy/

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy