SPORT

Angliýanyň ozalky çempion topary satuwa çykaryldy

Angliýanyň «Lester» futbol kluby satuwa çykaryldy. Bu barada “The Athletic” habar portaly habar berdi.

Çeşmäniň maglumatyna görä, klubyň eýeleri geleşikden 300 million dollar girdeji almagy göz öňünde tutýarlar. Emma toparyň Angliýanyň çempionatynyň güýç derejesi boýunça üçünji diwizionyna düşmegi sebäpli, geleşigiň jemleýji bahasynyň takmynan 200 million dollar bolmagy mümkin.

“Citigroup” maýa goýum banky maýadarlary çekmek üçin ýörite tanyşdyryş taýýarlady. Satyn alyjylara «King Power» stadiony, «Seagrave» türgenleşik bazasy, zenanlar toparynyň «Belvoir Drive» bazasy, ýer bölekleri, akademiýa, zenanlar topary we Belgiýanyň «Aud-Heverle Leuven» klubyny öz içine alýan aktiwler toplumy teklip edilýär. 2025-nji ýylyň ýagdaýyna görä, gozgalmaýan emläkleriň umumy bahasy 275 million dollar diýlip bahalandyrylypdy.

«Lester» Angliýanyň çempiony (2016), Angliýanyň Liga kubogynyň (1964, 1997, 2000), Superkubogynyň (1971, 2021) we Angliýanyň kubogynyň (2021) ýeňijisidir.

Related posts

Çempionlar ligasy: “Liwerpul” ýeňilmän gelýär

Ata Watan Eserleri

Ýewro-2020: 29-njy iýunyň duşuşyklary

15 ýyl mundan ozalky Stambul gudraty