SPORT

Winisius – “Ýylyň iň gowy futbolçysy”

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň brazil hüjümçisi Winisius Junior Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Iň gowy futbolçysy” diýen ada eýe boldy. FIFA tarapyndan ýylyň jemlerine bagyşlanan baýrak gowşurylyş dabarasy Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirildi.

Ýylyň iň gowy futbolçysy baýragyna almak üçin Winisius bilen bir hatarda Daniel Karwahal, Federiko Walwerde, Jud Bellingem, Kilian Mbappe, Erling Holand, Rodri, Lamin Ýamal ýaly futbolçylar bäsleşdi.

Mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynda Winisius “Altyn pökgi” baýragyny almak ugrundaky bäsleşikde ikinji orny eýeläpdy.

Brazil hüjümçi 2023-2024-nji möwsümi Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen üstünlikli jemledi. Ispan topary Ispaniýanyň çempiony boldy, Çempionlar ligasynyň hem-de UEFA-nyň Superkubogyny gazandy.

FIFA tarapyndan bu baýrak 2016-njy ýyldan bäri gowşurylýar. Winisisu bu baýraga ilkinji gezek mynasyp boldy. Mundan ozal, bu baýraga 2 gezek Kristiano Ronaldo, Luka Modriç, Robert Lewandowski we 3 gezek Lionel Messi mynasyp bolupdy.

FIFA BOÝUNÇA BAÝRAGA MYNASYP BOLANLAR

  • Şeýle hem Katarda geçirilen dabarada zenanlaryň arasynda iň goey futbolçy baýragyna “Barselona” toparynyň futbolçysy Aýtana Bonmati mynasyp boldy.
  • 2024-nji ýylyň iň gowy tälimçisi Karlo Ançelotti boldy. Ol “Real” topary bilen geçen möwsümde uly üstünlikler gazandy.
  • Iň owadan gol üçin berilýän Ferens Puşkaş baýragyna bolsa, “Mançester Ýunaýted” toparynyň argentin futbolçysy Alehandro Garnaço mynasyp boldy.
  • Iň gowy derwezeçi baýragy ýene-de argentin derwezeçi Emiliano Martines berildi.
  • “Fair Play” baýragy Braziliýanyň “Internasional” toparynyň ýarymgoragçysy Týago Maýýa gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar