DÜNÝÄ

Jo Baýden 81 ýaşady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden şu gün 81 ýaş gününi belledi. Jozef Robinett Baýden-kiçisi 1942-nji ýylyň 20-nji noýabrynda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Skrenton şäherinde dünýä indi.

Ol 36 ýyl ABŞ-nyň Senatynda Delawer ştatyna wekilçilik etdi. 2009-n2017-nji ýyllar aralygynda ýurduň Prezidenti Barak Obamanyň döwründe ABŞ-nyň 47-nji wise-prezidenti wezipesinde işledi.

Ol 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Häzir hem ýurduň lideri ikinji möhlete saýlanmak islegini gizläp durmaýar.

Şu gün ýurduň Prezidenti bagyşlamak güni mynasybetli hindi towugyny bagyşlamak dap-dessur çäresine gatnaşar. Soňra ol Massaçusets ştatynyň kenar ýakasynda Nantaket adasyna gidip, şol ýerde maşgalasy bilen baýramçylyk bellär.

Related posts

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň diýalogy Türkmenistanda geçiriler

Türkmen Lider, Kırgızistan’da yeni seçilen Cumhurbaşkanı’nı tebrik etti

vepa