DÜNÝÄ

Özbegistanda parlament saýlawlary geçirilýär

Şu gün Özbegistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy parlament saýlawlry geçirilýär. Özbegistanyň saýlawçylary ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynyň deputatlaryny we ýerli geňeşleriň wekilleri saýlamak üçin ses berýärler. 20 million hasaba alnan saýlawçylar täze deputatlary saýlamak üçin ses berip başladylar.

Ses berişlik ýerli wagt bilen 08:00-da başlap, 20:00-a çenli dowam eder. Kanunçylyk namalarynda görkezilişi ýaly, ýurduň syýasy partiýalarynyň hödürleýän dalaşgärleriniň azyndan 40 göterimi zenanlardan düzülendir.

Şeýle hem saýlawlarda “E-saylov” maglumag ulgamy döredilip, ol ýerde raýatlar saýlawçylar, saýlaw uçastoklary we deputatlyga dalaşgärler bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular.

Ilkinji gezek saýlawlar garyşyk saýlaw ulgamynda – mažorit we proporsional ulgamda geçirilýär. Ýurduň parlamentiniň aşaky palatasyna 150 deputat saýlanar. Şol deputatlaryň 75-si bir mandatly okruglaryndan saýlananar.

Merkezi saýlaw toparynyň habayrna görä, 375 dalaşgär bir mandatly okruglar üin, 500 dalaşgär partiýalaryň sanawy boýunça hödürlendi.

Saýlawlary yzarlamak üçin 1000 halkara synçylar geldi we olaryň 400-si 50 ýurda wekililik edýär. 500-e töweregi bolsa, halkara we sebit guramalarynyň wekilleridir.

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy