DÜNÝÄ

Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saparda bolan Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşdy. Bu barada Owganystanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem-de Owganystana suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça pikir alşyldy. Duşuşyk üçin minnetdalyk bildiren owgan tarapy Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Hyrat şäherine amala aşyran saparyndan soňra TOPH gaz geçirijisi taslamasy boýunça işleriň çaltlandyrylandygyny belledi.

Şeýle hem Amir Han Mottaki öz ýurdunyň TOPH gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny belläp, ýakyn wagtda Hyrat welaýatynda turba geçirmegiň birinji tapgyryna başlamagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Mottaki Hyrat welaýatynyň Owganystanyň iň gür ilatly welaýatlarynyň biri bolup, TOPH gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatynda amala aşyrylmagynyň türkmen gazy üçin möhüm bazar bolup biljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew energiýa göterijilerini ibermek, şeýle hem TOPH taslamasynyň Tükrmenistanyň durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berýän taslamalarynyň biridigini belläp, TOPH gaz geçirijisi taslamasy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem ol TOPH gaz geçirijisi boýunça üstünde işlenilýän şertnamanyň ýakynda tamamlanjakdygyny belläp, TOPH gaz geçirijisi boýunça işleriň Owganystanyň çäklerinde başlajakdygyna ynam bildirdi.

Related posts

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Putin prezidentlige dalaşgärlik resminamalaryny tabşyrdy

ÝHHG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen gelýär