DÜNÝÄ

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hindistana iki günlük döwlet sapary bilen bardy. Prezidentiň uçary Hindistanyň Howa güýçleriniň Palam awiabazasynda gondy.

Howa menzilinde Wladimir Putini Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi garşylady.

Resmi saparyň maksatnamasy anna güni, Hindistanyň Prezidenti Drupadi Murmu we Premýer-ministri Modi tarapyndan Prezident köşgünde garşylama dabarasy bilen başlar. Şondan soň Putin Mahatma Gandiniň ýadygärligine baryp, gül çemenini goýar we Hormatly myhmanlaryň kitabyna ýazgy galdyrar.

Maksatnamanyň işewürlik bölegi Haýdarabat köşgünde geçer. Ilki bilen Putin bilen Modiniň ikiçäk söhbetdeşligi, soňra bolsa wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler bolar.

Uşakowyň belleýşi ýaly, Prezidente saparda wekilçilikli rus wekiliýeti, şol sanda ýedi sany ministr bar. Olar goranmak ministri – Andreý Belousow, oba hojalygy ministri – Oksana Lut, saglygy goraýyş ministri – Mihail Muraşko, ulag ministri – Andreý Nikitin, ykdysady ösüş ministri – Maksim Reşetnikow, maliýe ministri – Anton Siluanow we içeri işler ministri – Wladimir Kolokolsew.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy