DÜNÝÄ

Eýranda prezident saýlawlary geçirilýär

Eýran Yslam Respublikasynda prezident saýlawlary üçin ses berişlik başlandy. Ýurduň saýlaw toparynyň wekili Mohsen Eslaminiň bellemegine görä, saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 18:00-da ýapylýar.

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň 19-njy maýda dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagyndan soňra geçirilýär.

Prezident saýlawlary üçin 6 dalaşgär saýlanyp alyndy, ýöne olaryň 2-si saýlawlardan meýletin çekildi. Dalaşgärler – Mejlisiň başlygy Mohammad Bager Galibaf, Ruhy lideriň Howpsuzlyk geňeşindäki wekili Said Jalili, ozalky prokuror Mustafa Pirmohammadi we Mesud Pezeşkiýan.

Ýurtda bu saýlawlar üçin 60 müň saýlaw uçastogy döredildi. Şeýle hem ýurduň çäginden daşarda bolýan Eýranyň raýatlary üçin 344 saýlaw uçastogy döredildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar, Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýa-da Mary şäherindäki baş konsullygynda bu saýlawa gatnaşyp, öz seslerini bermek mümkinçiligi döredildi.

Related posts

Eýranyň Prezidenti Täjigistanda we Özbegistanda saparda bolar

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Tramp işewüri ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi wezipesine hödürledi